2026-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Samarkant şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň «C5+1» formatyndaky nobatdaky duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhüm meselelerini, şeýle hem häzirki halkara ýagdaýlarynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar döwletleriň özygtyýarlygyna, garaşsyzlygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, özara ynanyşmak hem-de umumy bähbitleri nazara almak ýörelgelerine esaslanýan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Syýasy dialogy giňeltmäge, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary ilerletmäge aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň gün tertibinde söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy meseleleri möhüm orun eýeledi. Taraplar ulag-logistika arabaglanyşygyny, şol sanda Transhazar halkara ulag geçelgesini mundan beýläk-de ösdürmegiň, özara söwdany giňeltmegiň, kompaniýalaryň işjeňligini artdyrmak we maýa goýumlaryny çekmek üçin amatly şertleri döretmegiň ähmiýetini nygtadylar. Sebitleýin ykdysady integrasiýany çuňlaşdyrmagyň, senagat kooperasiýasyny ösdürmegiň, sanly ykdysadyýeti giňeltmegiň we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň zerurdygy bellenildi.
Duşuşykda sanlylaşdyrmak we emeli aň, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de sanly infrastruktura ösdürmek ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn orun berildi. Tejribe we öňdebaryjy iş usullaryny alyşmagy giňeltmegiň, şeýle hem maglumat tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk, önümçilik işlerini awtomatlaşdyrmak we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlaryny we tehnologik çözgütleri çekmegiň ähmiýeti nygtaldy. Taraplar ykdysady ösüşi höweslendirmekde, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda we sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmekde emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň wajypdygyny bellediler.
Energetika, tebigy baýlyklary çykarmak we gaýtadan işlemek, goşulan gymmaty döretmegiň önümçilik zynjyrlaryny ösdürmek, şeýle hem taýýar önümleri halkara bazarlaryna eksport etmegiň mümkinçiliklerini giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Sebit ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän tejribe we öňdebaryjy tehnologiýalary alyşmaga gyzyklanma bildirilýändigi nygtaldy.
Duşuşygyň çäklerinde sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmak, şol sanda terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň we ýaraglaryň bikanun dolanyşygyna, adam söwdasyna garşy göreşmek, şeýle hem döwlet serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar kiberhowpsuzlyk we möhüm infrastruktura desgalaryny goramak ugurlarynda özara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetini bellediler. Ýadro howpsuzlygy we atom energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin peýdalanmak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygy tassyklanyldy.
Taryhy-medeni mirasy gorap saklamak we wagyz etmek, bilim we medeniýet alyş-çalyşlaryny giňeltmek, syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň «C5+1» formatyndaky Bilelikdäki Jarnamasy kabul edildi. Onda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebit durnuklylygyny pugtalandyrmaga we durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen syýasy dialogyň we amaly hyzmatdaşlygyň möhüm meýdançasy hökmünde «C5+1» formatyny mundan beýläk-de berkitmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
