Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen ýokary bilimiň federal döwlet býujet bilim edarasy bolan M.W. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
Resminama 10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde geçirilen dabarada gol çekildi.
Resminama laýyklykda, taraplar bilim maksatnamalarynyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak we öňdebaryjy tejribe alyşmak boýunça toplumlaýyn işleri alyp bararlar. Ylalaşygyň esasy ugurlarynyň biri mugallymlaryň, talyplaryň we ylmy işgärleriň akademiki alyş-çalşyny ösdürmekden ybaratdyr. Şeýle hem türkmen hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, düýpli we ylmy amaly barlaglary geçirmek boýunça çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, halkara ylmy-barlag we ylmy-tehniki taslamalary, kongresleri, simpoziumlary, ylmy we usuly maslahatlary, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleri hem-de sergileri bilelikde geçirmek, ylmy-usulyýet neşirleri, okuw kitaplaryny we okuw gollanmalaryny alyşmak meýilleşdirilýär.
Bu hyzmatdaşlyk iki ýokary okuw mekdebiniň ylmy we intellektual kuwwatyny birleşdirmäge, ýaş hünärmenleri taýýarlamak üçin täze mümkinçilikleri açmaga hem-de innowasion gazananlary bilim işine ornaşdyrmaga ýardam berer. Ylalaşyga gol çekilmegi iki dostlukly ýurduň özara bähbitli ylym-bilim hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolup durýar.
