Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde gysga, ýöne örän manyly ömür ýoluny geçen suratkeş Hoşgeldi Şaberdiýewiň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp, onuň işleriniň şahsy sergisi açyldy. Kükreginde ýürek urmasy togtanda, ol bary-ýogy 40 ýaşyndady.
mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlan maryly zehinli ýaş suratkeş bilimini dowam etdirmek üçin, Bütinsoýuz Döwlet kinematografiýa institutynyň suratçylyk bölümine okuwa ugraýar. Bu her bir suratkeşiň arzuw edýän, ýöne hemmä ýetdirmeýän bagtydy. Moskwa, muzeýler, kitaphanalar, tanymal mugallymlar we zehinli talyp jemgyýeti — onuň okuwynyň üç ýyly hut şunuň ýaly baý gurşawda geçýär, dördünji ýylynda bolsa ýüregi haýallaýar.
Operasiýa eden lukman: «Uzak ömrüň galmandyr» diýip, hassa çynyny aýdýar. Hoşgeldi bolsa, ähli zady gaýtadan pikir eleginden geçirip, Türkmenistana gaýdyp gelmegi karar edýär. Ol – suratkeş; ol işlemeli, alan bilimi bolsa munuň üçin ýeterlik.
Hoşgeldi urşuň yzýany, 1946-njy ýylda dünýä inipdir. Ähli deň-duşlary ýaly, onuň aňynda-da uruş mowzugy esasy ýer eýeleýärdi. Şol wagtlar ähli ýetginjekler uruş gahrymanlary bolmak hyýalyndadylar, atalarynyň medallaryny we ordenlerini dakynyp görýärdiler. Olaryň ýerinde bolup, Watan ugrunda gaýduwsyz söweşäýseň.
Şu sebäpli Hoşgeldi Şaberdiýewiň çeken suratlarynyň aglabasynyň uruş baradadygy geň däl. Olaryň biri – «Urşa ugradyş». Suratda onuň kakasy söweşe meýletin ugraýar. Howsalaly gözünde tizden görüşmek umydy öwşün atýan ejesi ony ýola salýar, gyzy bolsa adamlaryň näme üçin aglaýandygyna we kakasynyň nirä gidýändigine asla düşünip bilmeýär. Bu surat nakgaş Şaberdiýewiň düýp özenini açyp görkezýär. Dabaralylyk oňa ýat, ol wakalary ýüregine diň salyp, şonuň esasynda beýan edýär.
Suratkeşiň köp garyndaşy sergä geldi. Olaryň biri «Urşa ugradyş» suratyny dykgat bilen synlaýardy.
– Şu sizmi?- diýip, men suratdaky gyzy görkezip, ondan soradym.
– Ýok, bu menden ulusy – diýip, ol ýylgyryp, jogap berdi.
– Onda siz şumy? – diýip, men bir aýalyň portretini görkezip, ondan el çekmedim.
– Ýok. Bu – meniň ejem.
Biz tanyşdyk. Güljan, ol özüni şeýle tanyşdyrdy, Hoşgeldiniň uýalarynyň biri eken. Şaberdiýewiň suratkeş hökmünde kemala gelen ýyllary suratçylykda sosialistik realizmiň agdyklyk edýän döwrüne gabat gelipdir. Şonuň üçin-de suratkeş realizmden daşlaşmandyr, diňe oňa başga uslyplardan-da biraz goşupdyr.

Sergidäki iki surat: «Merw ýoly» we «Gawun satyjysy» tomaşaçylaryň ünsüni aýratyn özüne çekýärdi. Birinji suratda suratkeş dury reňk çalma usulyny ulanypdyr, bu bolsa asfalt ýoluň gyrasyndaky iki hatar owadan depeleri bezäpdir. Ikinji suratda, özüni güjeňleýän ýaly bolup oturan satyjy öz zähmetsöýer elleri bilen ösdürip ýetişdiren harydyny hödürleýär. Bu işler adaty däl; suratkeş hakykaty birneme owadanlapdyr, ýöne olar tomaşaçylary aç-açanlygy bilen begendirýärler.
«Dogduk öýüm» – bu surat çagalyk ýatlamalaryny küýsegli takyklyk bilen beýan edýär, onda bir ene özüniň we goňşy çagalary bilen agşam öýe gaýdyp gelýär. Ýoluň mastehin ulanmak bilen çekilmegi häsiýetlidir, çünki munuň netijesinde ol Aý şöhlesiniň yşygyny yzyna serpikdirýär.
«Dogduk obamdaky güýz» atly suratda nakgaş, näme üçindir, öz bagtyny gorap bilmedik erkek bilen aýalyň arasyndaky pajygany suratlandyrýar. Birnäçe ýyl geçipdir, ýöne söýgi olaryň ýüreklerinde henizem ýaşaýan eken we bir güýz güni köçede bolan tötänleýin duşuşyk bitmedik ýaranyň kesmegini goparan ýaly edýär.
Sergide suratkeşiň ýaş we gaty bir ýaş däl, şadyýan we agras ýüzli keşbini görkezýän birnäçe awtoportret bar. Hoşgeldiniň ölüminden gysga wagt soň onuň dosty Çary Owwaýewiň çeken Hoşgeldiniň portretiniň onuň ýanynda bolmagy bellärliklidir. Portretde Hoşgeldi iri şekilde görkezilipdir, onuň yzynda bolsa gadymy binagärlik ýadygärliklerini, adamlary we şäherdir oba peýzažlaryny öz içine alýan tutuş dünýä bar. Nakgaş bu surata «Samsara – durmuş çemberi» diýip at goýupdyr. Bu at Ýer togalagy aýlanýarka, onda ýaşaýşyň dowam edýändigine yşaratdyr.
Iki sany gyzykly hakykat. Birinjiden, sergide Hoşgeldi Şaberdiýewiň soňky işi, «Ýeňşiň bahasy!» atly etýudy görkezilýär. Suratkeşi ýene-de harby mowzugyň özüne çekip almagy geň däl. Ol muny çagalykdan ömrüniň ahyryna çenli kalbynda göterip gezdi ahbetin. Ol Ýeňiş gününiň şatlykly salýutyny görmän giden esgerleriň jesetleri ýatan söweş meýdanyny gök we gara reňklerde şekillendiripdir. Suratkeşiň garyndaşlarynyň aýtmagyna görä, Hoşgeldi bu etýudy has uly polotno geçirmekçi bolupdyr, ýöne wagt ýeterlik bolmandyr – etýudy döredeninden birnäçe gün soň, suratkeş ýogalypdyr.
Ikinji hakykat: Hoşgeldiniň ýegeni Çeper Durdyýewa garyndaşlarynyň talap etmegi boýunça Hoşgeldi Şaberdiýewiň çeken takmynan 2500 surat we grafika işini Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýine sowgat berdi. Nakgaşyň şeýle gysga ömründe şunça eser döredip bilmegi hem begendirýär, hem geň galdyrýar.
